Prezident Erdogan Angolanyň Prezidenti bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň terrora garşy göreşde özüni subut eden ýurt hökmünde esasan hem Angolanyň ýanynda boljakdygyny habar berdi

1681291
Prezident Erdogan Angolanyň Prezidenti bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi

Angolanyň Prezidenti Žoao Manuel Gonsalweş Lourensu, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çakylygyna laýyklykda Ankara geldi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Angolanyň Prezidenti Žoao Manuel Gonsalweş Lourensuny Prezidentiň kompleksinde resmi dabara bilen garşylady. 

Ikiçäk we topara gepleşiklerden soň iki ýurdyň arasynda 10 resminama gol çekildi. 

Erdogan ondan soň geçirilen umumy metbugat ýygnagynda, Angola bilen harby, syýasy, söwda we medeni ugurlar başda bolmak bilen ençeme ugur boýunça gepleşikler geçirendiklerini belläp, BMG-nyň Baş Assambleýasyndan soň Angola işewür adamlar bilen birlikde sapar gurajakdygyny mälim etdi. 

Erdogan: "Ýokary derejeli saparlaryň hem başladylmagyny isleýäris. Söwda kuwwadymyz häzirki wagtda 176 million dollar. Bu iki güýçli ýurt üçin bu söwda kuwwadyň görkezijisi örän az. Ilkinji tapgyrda söwda kuwwadymyzy 500 million dollara ýetirmegi meýilleşdirýäris" diýip habar berdi. 

Erdogan, Türkiýäniň terrora garşy göreşde özüni subut eden ýurt hökmünde esasan hem Angolanyň ýanynda boljakdygyny beýan etdi. 

Angolanyň Prezidenti Žoao Manuel Gonsalweş Lourensu bolsa öz gezeginde: "Türk maýadarlar Angola gelip howpsuz ýagdaýda maýa goýup bilerler, bu şol bir wagtda angolaly işewürlere hem degişli" diýip aýan etdi. 

Lourensu, gazanylan ylalaşyklar bilen eýýäm ençeme ýyl bäri ýitirilen ýyllary yza alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda söwda kuwwadyny has ýokarlatmak, iň ýokary sepgide ýetirmek isleýändiklerini habar berdi. 



Degişli Habarlar