“Gresiýa Ýaraglanma Bäsleşiginde”

Akar “4-5 sany köne uçar bilen güýç deňagramlyklarynyň özgermegi mümkin däl” diýdi.

1681521
“Gresiýa Ýaraglanma Bäsleşiginde”

Gresiýanyň ýaraglanma tagallasy üns merkezinde galmaga dowam edýär.

Milli goranmak ministri Hulusi Akar Gresiýanyň Fransiýadan harby uçar almagy hakynda beýannama berdi.

Gresiýanyň ýaraglanma bäsleşigine başlandygyny aýdan Akar “4-5 sany köne uçar bilen güýç deňagramlyklarynyň özgermegi mümkin däl” diýdi.

Grek resmilerinin soňky döwürde meçew beriji beýanatlaryna jogap hökmünde, özara geňeşmeleriň geçirilmeginiň ýerlikli boljakdygyny aýdan Hulusi Akar, pozisiýalaryndan egilşik etmejekdiklerini beýan etdi.

“Hem öz hukuklarymyzy hem-de kiprli doganlarymyzyň hukuklaryny we bähbitlerini gorap-hemaýat etmekde biz ygrarly” diýdi.

Akar gresiýanyň adalar boýuça Lozanna we Pariž konwensiýalarynyň kadalaryny berjaý etmeýändigini beýan etdi.

 



Degişli Habarlar