Türk resmiler Tunisde başdan geçirilýänlere alada bildirýär

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Tunisde saýlanan parlamentiň we deputatlaryň işini togtadan kararlaryň konstitutsion düzgüne garşy agdarlyşykdygyny beýan etdi

1680247
Türk resmiler Tunisde başdan geçirilýänlere alada bildirýär
ibrahim kalin.jpg
omer celik.jpg
numan kurtulmus.jpg

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Tunisiň Prezidenti Kaýs Saidiň Mejlisiň işleirni togtatmak we Premýer ministri wezipesinden çetleşdirmek bilen bagly kararlar barada özüniň Twitter hasabyndan beýanat berdi. 

Mustafa Şentop: "Tunisde başdan geçirilýänler aladalandyryjy, saýlanan parlamentiň we deputatlaryň  işini togtadan kararlar, konstitutsion düzgüne garşy agdarlyşykdyr. Harby, býurokratik agrdarlyşyk ähli ýerde bikanundyr, Tunisde hem bikanundyr. Tunisiň halky kosntitutsion düzgüne we hukuga eýe çykar" diýip belledi. 

Wise-prezident Fuat Oktaý hem sosial media hasaby Twitteriň üsti bilen beren beýanatynda, Tunisde saýlanan parlamentiň işleriniň bes edilip, hökümediň dargadylmagynyň aladalandyryjydygyny belläp: "Türkiýe hökmünde biz hemişe dostlukly we doganlyk Tunisiň demokratik gymmatlyklarynyň tarapdary boldyk, mundan soň hem goldawymyzy demokratik Tunis üçin bereris" diýip nygtady. 

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Tunisde demokratik tapgyryň togtadylandygyny belläp: "Konstitutsiýanyň esasyndaky kanuny häkimiýeti we halkyň goldawy bolmadyk başlangyçlary ýazgarýarys" diýip belledi. 

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, özüniň sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Tunisde ýurdyň Prezidenti Kaýs Saidiň, Mejlisiň işlerini togtatmak we Premýer ministri wezipesinden çetleşdirmek bilen bagly kararlarynyň üstünde durup geçdi. 

Ibrahim Kalyn: "Dostlukly we doganlyk Tunisde demokratik tapgyryň togtadylmagyny we halkyň demokratik ygtyýarynyň äsgerilmezligini ret edýäris. Konstitutsiýanyň esasyndaky kanuny häkimiýeti we halkyň goldawy bolmadyk başlangyçlary ýazgarýarys. Tunisiň demokratiýasynyň bu tapgyrdan güýçlenip çykjakdygyna ynanýarys" diýip belledi. 

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň wekili Numan Kurtulmuş hem sapar bilen giden Azerbaýjanda metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Türkiýe hökmünde agdarlyşyklara garşydyklaryny belläp: "Tunisdäki agdarlyşygyň Tunisiň halkyna zyýan ýetirjekdigini görýäris. Türkiýe hökmünde ahyryna çenli bu antidemokratik işlere garşydyrys" diýip nygtady. 

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çelik hem sosial mediadan beren beýanatynda: "Tunisde başdan geçirilýänler syýasy-kanuny häkimiýete garşy agdarlyşyk hökmünde garaýarys we Tunisiň demokratiýasyny goldamaga dowam ederis" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #resmiler , #Türkiýe , #Tunis

Degişli Habarlar