Ýewfrat Galkany sebitinde 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýanyň Bab etrabynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 2 esger şehit boldy, 2 esger ýaralandy

1679764
Ýewfrat Galkany sebitinde 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi hüjüm bilen baglanşykly beren beýanatynda: "Ýewfrat Galkany sebitinde bir sowutly ulagymyza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 2 gahryman esgerimiz şehit boldy, 2 esgerimiz bolsa ýaralandy. Hüjümden soň terrorçylaryň sebitdäki ýerleri anyklanyp, nyşana alynyp hüjüm guraldy we ýer bilen ýegsan edildi" diýip habar berildi. 

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen başga bir beýanatda bolsa: "Ýewfrat Galkany sebitinde 2 gahryman esgerimizi şehit eden terrorçylara artykmajy bilen garşylyk görkezildi, guralan täsirli hüjümleriň netijesinde terrorçylaryň ýerleri ýer bilen ýegsan edildi we ilkinji kesgitlemelere görä azyndan 7 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi anyklandy" diýip mälim edildi. 

Şehit bolan esgerleriň ganynyň ýerde galmandygy bellenen beýanatda, sebitdäki operasiýalaryň we hüjümleriň dowam edýändigi aýan edildi. 

Ýewfrat Galkany sebiti Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan 2016-njy ýylyň awgust aýy bilen 2017-nji ýylyň mart aýlary aralygynda geçirilen operasiýa bilen terrorçylardan saplanypdy. 



Degişli Habarlar