Prezident Erdogan Türkiýäniň zenanlar boýunça woleýbol ýygyndysyny gutlady

Türkiýäniň zenanlar boýunça woleýbol ýygyndysy, Olimpiýa oýunlarynyň çägindäki 2-nji duşuşygyny 27-nji iýulda sişenbe güni Italiýanyň ýygyndysy bilen geçirer

1679805
Prezident Erdogan Türkiýäniň zenanlar boýunça woleýbol ýygyndysyny gutlady

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, 2020 Tokio Olimpiýa oýunlarynyň çäginde B toparyndaky ilkinji duşuşygynda soňky çempion ýygyndy topar bolan Hytaýy 3-0 hasabynda ýeňen Türkiýäniň zenanlar boýunça woleýbol ýygyndysyny gutlady.

Prezident Erdogan, geçirilen duşuşyklar sebäpli Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine baran we milli türgenleriň duşuşyklaryna tomaşa eden Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapoglunyň üsti bilen Türkiýäniň zenanlar boýunça woleýbol ýygyndysynyň kapitany Eda Erdem Dündar bilen gürrüňdeş boldy. 

Prezident Erdogan telefon gürrüňdeşliginde Eda Erdem Dündara: "Bizi örän buýsandyrdyňyz. Duşuşyga ilkinji minutlardan başlap tomaşa etdim. Ähli gyzlarymyzy hormatlaýaryn. Sişenbe güni nesip bolsa Italiýa bilen geçiriljek duşuşyga hem tomaşa ederin" diýip belledi. 

Türkiýäniň zenanlar boýunça woleýbol ýygyndysy 2020 Tokio Olimpiýa oýunlarynyň çäginde B toparyndaky ilkinji duşuşygynda soňky çempion ýygyndy topar bolan Hytaýy 3-0 hasabynda ýeňdi. 

Türkiýäniň zenanlar boýunça woleýbol ýygyndysy, Olimpiýa oýunlarynyň çägindäki 2-nji duşuşygyny 27-nji iýulda sişenbe güni Italiýanyň ýygyndysy bilen geçirer. Duşuşyk Türkiýäniň wagty bilen sagat 10:25-de başlar. 



Degişli Habarlar