Prezident Erdogan Siriýanyň Bab etrabynda şehit bolan esgerleriň maşgalalaryna gynanç bildirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan şehit bolan 2 esgeriň maşgalalaryna ýüzlenme ugradyp, gynanç bildirdi

1679910
Prezident Erdogan Siriýanyň Bab etrabynda şehit bolan esgerleriň maşgalalaryna gynanç bildirdi

Siriýanyň Bab etrabynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 2 esger şehit boldy, 2 esger ýaralandy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi hüjüm bilen baglanşykly beren beýanatynda: "Ýewfrat Galkany sebitinde bir sowutly ulagymyza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 2 gahryman esgerimiz şehit boldy, 2 esgerimiz bolsa ýaralandy. Hüjümden soň terrorçylaryň sebitdäki ýerleri anyklanyp, nyşana alynyp hüjüm guraldy we ýer bilen ýegsan edildi" diýip habar berildi. 

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen başga bir beýanatda bolsa: "Ýewfrat Galkany sebitinde 2 gahryman esgerimizi şehit eden terrorçylara artykmajy bilen garşylyk görkezildi, guralan täsirli hüjümleriň netijesinde terrorçylaryň ýerleri ýer bilen ýegsan edildi we ilkinji kesgitlemelere görä azyndan 7 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi anyklandy" diýip mälim edildi. 

Şehit bolan esgerleriň ganynyň ýerde galmandygy bellenen beýanatda, sebitdäki operasiýalaryň we hüjümleriň dowam edýändigi aýan edildi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan şehit bolan 2 esgeriň maşgalalaryna ýüzlenme ugradyp, gynanç bildirdi. 

Ýewfrat Galkany sebiti Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan 2016-njy ýylyň awgust aýy bilen 2017-nji ýylyň mart aýlary aralygynda geçirilen operasiýa bilen terrorçylardan saplanypdy. 



Degişli Habarlar