Erdogan Baýram Ýüzlenmesinde Halka Sanjym Etdirmekleri Üçin Çagyryş Berdi

Prezident Erdogan, Kovid-19 epidemiýasyna garşy sanjym etdirmekleri üçin raýatlara çagyryş berdi.

1677336
Erdogan Baýram Ýüzlenmesinde Halka Sanjym Etdirmekleri Üçin Çagyryş Berdi

Prezident R. T. Erdogan Gurban baýramy mynasibetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde, Türkiýäniň epidemiýany umuman alnanda gözegçilik astyna alandygyny we degişli çäreleriň görülmeginden soň baýramy has gowy ýagdaýda gçirjekdiklerini nygtady.

Türkiýäniň sanjymlama tapgyrynyň dünýä ýurtlary bilen deňeşdirilende üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigini we sanjym ýetmezçiliginiň ýokdygyny nygtan Erdogan, ýerli sanjymyň hem üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli ulanylmaga berilmegini umyd edýändiklerini ýatlatdy.

Erdogan “Raýatlarymyza, 18 ýaşyndan ýokardaky her kim adama Kovid-19-a garşy sanjym etdirmekleri üçin çagyryş berýärin. Sanjymlama arkaly epidemiýanyň ýaramaz täsirini azaldyp bileris. Sanjymlama şahyslaryň saglygy, halkyň ruhy we ýurduň maksadyna ýetmegi taýdan diýseň möhüm” diýdi.

Halkyň gurban baýramyny gutlan Erdogan, baýramyň düşümli bolmagyny azuw etdi.



Degişli Habarlar