Soýly çagasy PKK tarapyndan zamun alynan ýene-de bir enäniň öz çagasyna gowuşandygyny habar berdi
Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, özüniň Twitter hasabyndan Diýarbakyrda dowam edýän çaga nobaty bilen baglanşykly beýanat berdi
1675565

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, çagalary ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan aldanyp daga alynyp gaçylan Diýarbakyrdaky eneleriň ýene-de biriniň öz çagasyna gowuşandygy baradaky buşlukly habary berdi.
Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, özüniň Twitter hasabyndan Diýarbakyrda dowam edýän çaga nobaty bilen baglanşykly beýanat berdi.
Süleýman Soýlu: "Baýramdan ozal çagalary üçin nobata duran eneleriň ýene-de birine buşlukly habar, 28-nji ene öz çagasyna gowuşýar. Diýarbakyrda maşgalalaryň 681 gün bäri dowam edýän nobatlary öz netijesini bermäge dowam edýär. Eneler örän tutanýerli, çagalaryny terror guramasyndan alýança çenli göreşini dowam etdirerler" diýip habar berdi.