FETÖ-niň Hyýanatçylykly Agdarlyşyk Synanşygyna Garşy Milli Jebislik we Bitewilik Ýüzlenmesi…

Işewürler, FETÖ-niň hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygyna garşy milli jebislik we bitewilik ýüzlenmesini berdi

1675221
FETÖ-niň Hyýanatçylykly Agdarlyşyk Synanşygyna Garşy Milli Jebislik we Bitewilik Ýüzlenmesi…

 

Işewürler, Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň 2016-njy ýylyň 15-inji iýulyndaky hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygyna garşy Türk halkynyň demokratiýa goldaw berendigi nygtap, milli jebislik we bitewilik ýüzlenmesini berdi.

Işewürleriň wekilleri “15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni” mynasibetli Anadoly Habarlar gullugyna beýannama berdi.

Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň başlygy Nail Opak, mundan doly 5 ýyl ozal, Türkiýäni garaňky günlere bogmak isleýän terror guramasy FETÖ-niň agdarlyşyk synanşygyna garşy türk halkynyň jebislikde hereket edendigini ýatlatdy.

Opak “Prezidentimiz Jenap R. T. Erdoganyň başda durmagynda döwletimiziň we halkymyzyň görkezen garşylygy netijesinde, häkimiýetiň şertsiz, belliksiz halkyňkydygyny ýene-de bir gezek bütin dünýä subut etdik” diýdi.

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň başlygy Ismail Gülle “Şol gije halk nähili tutanýerli tutum alyp baran bolsa, ir ertirden başlap eksportçylar hökmünde biz hem arman ýadaman göreşimizi dowam etdirýäris” diýdi.

Stambulyň Söwda palatasynyň başlygy Şekib Awdagiç bolsa türk halkynyň, döwletiniň we ýurdunyň eýesidigini bütin dünýä görkezendigini belledi.

Stambulyň Senagat palatasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Erdal Bahçiwan hem hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşyklaryna garşy bu ýurduň her bir raýaty ýaly senagatçylaryň hem garşy durýandygyny we durmaga dowam etjekdigini aýatdy.

Senagatçylar we işewürler jemgyýetiniň başlygy Abdurrahman Kaan hem FETÖ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyny asla ýatdan çykarmajakdyklaryny we çykartmajakdyklaryny nygtady.



Degişli Habarlar