Türkiýede sanjymlama tapgyry tiz depginler bilen dowam edýär

Türkiýe dünýäde iň köp sanjym etdiren 9-njy ýurt boldy

1674045
Türkiýede sanjymlama tapgyry tiz depginler bilen dowam edýär

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrliginiň berýän maglumatyna görä, Türkiýede şu günki güne çenli 58 million 285 müň 510 doza sanjym edildi. 

Türkiýede jemi edilen sanjym sany boýunça dünýäde 9-njy orunda durýar.

Ýurtda her 100 adama düşýän sanjymyň sany 68,95 göterim boldy. 

Sanjymlama tapgyrynda 37 million 854 müň 537 adama 1-nji doza, 17 million 405 müň 760 adama bolsa 2-nji doza sanjym edildi. 


Etiketkalar: #doza , #sanjym , #Türkiýe

Degişli Habarlar