TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop Kuweýtde saparda bolýar

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop resmi sapar bilen Kuweýtde saparda bolýar

1673897
TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop Kuweýtde saparda bolýar

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, şu gün irden Beýan köşgünde Kuweýdiň Emiriniň wekili we Mirasdar Şazadasy Şeýh Meşal Al Jabir Al Sabah bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk ýarym sagat dowam etdi. 

Mustafa Şentop ondan soň bolsa Kuweýdiň Premýer ministri Şeýh Sabah Al Halid Al Hamad Al Sabah bilen duşuşyk geçirdi.  

Mustafa Şentop we ýanyndaky parlament wekiliýeti, şu gün şeýle hem Kuweýdiň Millet mejlisinde Kuweýdiň Millet mejlisiniň başlygy Marzuk Ali Al-Ganim bilen duşuşar. 

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, saparynyň çäginde Taryk Rejep Yslam eserleri we kalligrafiýa muzeýine gezelenç eder. 



Degişli Habarlar