Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi Owganystandaky türk esgerler bilen bagly beýanat berdi

Beýanatda türk esgerleriň çagalar başda bolmak bilen Owganystanly raýatlar bilen ýakyndan gyzyklanýan pursatlarynda alynan suratlar hem paýlaşyldy

1673338
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi Owganystandaky türk esgerler bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi 2001-nji ýyldan bäri Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde gulluk borçlaryny ýerine ýetiren türk esgerleriň şol tapgyryň çäginde owganlaryň göňüllerini gazanmaga, kyn wagtlarynda ýanlarynda bolmaga çalyşandygyny habar berdi. 

Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Gahryman türk esgerler 2001-nji ýyldan bäri owganystanly doganlarymyzyň asudalygy we howpsuzlygy üçin ýurdyň paýtagty Kabul şäherinde gulluk borçlaryny ýerine ýetirýär. Türk esgerler gulluk borçlaryny ýerine ýetiren tapgyrynyň çäginde owganystanly doganlarymyzyň, esasan hem çagalaryň göňüllerini gazanmaga, kyn wagtlarynda ýanlarynda bolmaga çalyşdy" diýip aýan edildi. 

Beýanatda türk esgerleriň çagalar başda bolmak bilen Owganystanly raýatlar bilen ýakyndan gyzyklanýan pursatlarynda alynan suratlar hem paýlaşyldy. 



Degişli Habarlar