Mustafa Şentop Şu Gün Kuweýde Gider

Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýeti 13-nji iýulda Kuweýde guraýan saparyny tamamlap Türkiýä gaýdyp geler.

1673205
Mustafa Şentop Şu Gün Kuweýde Gider

 

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop resmi sapar bilen şu gün Kuweýde gider

Mustafa Şentop, Beýan köşgünde Kuweýdiň Emiriniň wekili we mirasdar Şazada Şyh Meşal Al Jabir Al Sabah we Kuweýdiň Premýer ministri Şyh Sabah Al Halid Al Hamad Al Sabah bilen duşuşar.

Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýeti Kuweýdiň Millet Mejlisinde Kuweýdiň Millet Mejlisiniň Başlygy Marzuk Ali Al Ganim bilen hem duşuşar.

TBMM-niň Başlygy Şentop saparynyň çäginde Kuweýdiň Daşary işler ministri Şyh Dkotor Ahmed Al Nasyr Al Muhammed Al Sabah bilen hem duşuşar.

Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýeti 13-nji iýulda Kuweýde guraýan saparyny tamamlap Türkiýä gaýdyp geler.



Degişli Habarlar