Türk Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulaglary Ünsleri Özüne Çekýär

“Le Figaro” gazeti Türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglary hakyndaky habara giňişleýin ýer berdi.

1673017
Türk Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulaglary Ünsleri Özüne Çekýär

Fransuz “Le Figaro” gazeti, Türkiýäniň soňky 15 ýylda dünýäniň ýaragly uçarmansyz howa ulagyny öndürýän esasy ýurtlaryndan birine öwrülendigini ýazdy.

Fransiýanyň iň uly ýarag firmalaryndan Dassaulta degişli “Le Figaro” gazeti Türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglary hakyndaky habara giňişleýin ýer berdi.

Habarda Liwiýada 2020-njy ýylyň bahar aýlarynda Halif Haftara tabynlykdaky güýçler bilen Liwiýanyň hökümetiniň arasynda bolan çaknyşykda STM firmasy tarapyndan öndürlen 2 Kargu we 2 Ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň esasy rol oýnandygy nygtaldy.

Habarda “Türkiýe 15 ýylda Amerikanyň, Ysraýylyň we Hytaýyň uçarmansyz howa ulaglary bilen bäsleşip biljek dünýäniň esasy uçarmansyz ýarag öndürýän ýurtlarynyň hatarynda mynasyp ýerini aldy” diýildi.

Habarda Kargu, Baýraktar, Anka, Karaýel, Alpagu ýaly Türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň nyrhynyň amatlydygyna üns çekildi.

Türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň 2016-njy ýyldan başlap serhetlaşa operasiýalarda ulanylýandygy ýatladylan habarda “Gün saýyn güýçlenýän Türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglary diňe Liwiýada däl eýsem Daglyk Garabagda hem güýç deňagramlylygyny üýtgetdi” diýildi.

Habarda Türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny satyn alýan ýurtlaryň gün saýyn köpelýändigi bellenildi.

Azerbaýjandan, Katardan, Ukrainadan we Tunisden soň NATO agza Polşanyň hem Türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny satyn alandygy, Latwiýanyň Wengriýanyň we Albaniýa ýaly başga ýurtlaryň satyn almak isleýändigine üns çekildi.



Degişli Habarlar