Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Prezident Erdogan: "Ýylyň ahyrynda taryhymyzda ilkinji gezek 200 milliard dollardan gowrak eksport amala aşyrarys" diýip belledi

1670414
Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Prezidentiň kompleksinde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi. 
Ýylyň ikinji çärýeginde garaşylýan ösüş görkezijileri bilen bagly: "Deslapky görkezijiler esasy effektiň hem işe girişmegi bilen, ýyllyk 20 göterime golaý ösüşi yşarat edýär" diýip bellän Prezident Erdogan, eksport görkezijiler bilen bagly bolsa: "Ýylyň ilkinji 6 aýynda geçen ýyla garanyňda 40 göterimlik eksport artyşy boldy. Ýylyň ahyrynda taryhymyzda ilkinji gezek 200 milliard dollardan gowrak eksport amala aşyrarys" diýip nygtady.

Prezident Erdogan, koronawirus epidemiýasyna garşy göreş bilen bagly bolsa: "Ähli raýatlarymyza, 18 ýaşdan ýokary bolan her kime sanjymlaryny etdirip hem özlerini hem-de ýakyn hossarlaryny bu bela-beterden goramaklary barada çagyryş berýärin" diýip belledi.



Degişli Habarlar