"Zenanlara edilýän zorluga garşy göreşimiz Stambul ylalaşygyndan çekilmegimiz bilen tamam bolmaz"

Prezident Erdogan: "Biziň zenanlara edilýän zorluklara garşy göreşimiz Stambul ylalaşygy bilen başlamaýşy ýaly şol ylalaşykdan çekilmegimiz bilen tamam bolmaz" diýip nygtady

1668226
"Zenanlara edilýän zorluga garşy göreşimiz Stambul ylalaşygyndan çekilmegimiz bilen tamam bolmaz"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Ankara şäherinde "Zenanlara edilýän zorluklara garşy göreşiň 4-nji Milli hereket meýilnamasynyň" maslahatyna gatnaşdy. 

Prezident Erdogan: "Düýn zenanlara edilýän zorluklara, zenanlaryň raýat hökmünde eýe bolan hukuklaryny ulanyp bilmekleri babatynda nähili göreş alyp baran bolsak, şu gün we ertir hem şol şolar ýaly göreş alyp barmaga dowam ederis" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan zenanlara garşy edilýän zorluklaryň içgin we obýektiw ýagdaýda ele alynmagynyň gerekdigini belläp: "Täze hereket meýilnamamyz bilen göreşimizi has hem güýçlendireris. Üýtgeýän şertleriň we ýüze çykan zerurlyklaryň çäginde gerek bolan her dürli kanuny we administratiw çäre görmäge dowam ederis" diýip mälim etdi. 

Erdogan: "Zenanlara edilýän zorluklara garşy göreşiň 4-nji Milli hereket meýilnamasynyň ilkinji maksadyny zorluga garşy göreş maksatnamasynyň gözden geçirilmegi we täsirli ýagdaýda durmuşa geçirilmegi hökmünde kesgitledik. Hereket meýilnamamyzyň esasy maksady jemgyýetiň zenanlara garşy edilýän zorluga bolan garaýşyna täsir ýetirmek, üýtgetmek we duýgurlyklaryny artdyrmak bilen bagly habarlylygy ýokarlandyrmakdyr" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar