Ministr Ersoý Beýik Britaniýanyň döwlet ministri Morton bilen duşuşdy

Duşuşyga Beýik Britaniýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Dominik Çilkott hem gatnaşdy

1666736
Ministr Ersoý Beýik Britaniýanyň döwlet ministri Morton bilen duşuşdy

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Milletler jemgyýeti we Ösüş ministrliginiň çägindäki Ýewropa goňşuçylyk we Amerika materiginden jogapkär döwlet ministri Wendi Morton bilen duşuşyk geçirdi. 

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanata görä, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Mehmet Nuri Ersoý we Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Milletler jemgyýeti we Ösüş ministrliginiň çägindäki Ýewropa goňşuçylyk we Amerika materiginden jogapkär döwlet ministri Wendi Morton iki ýurdyň arasyndaky medeniýet we syýahatçylyk ugurlaryndaky özgermeleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Duşuşyga Beýik Britaniýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Dominik Çilkott hem gatnaşdy. 



Degişli Habarlar