“Türkiýäniň Taryhynda Şu Gün Täze Sahypa Açyldy”

Prezident Erdogan, “Kanal Stambul” taslamasynyň Sazlydere köprüsiniň gurluşygyna badalga berdi.

1665243
“Türkiýäniň Taryhynda Şu Gün Täze Sahypa Açyldy”
kanal istanbul sazlidere koprusu.jpg
erdogan kanal istanbul.jpg

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň galkynyş taryhynda şu gün täze sahypany açandyklaryny aýtdy.

Prezident Erdogan, “Kanal Stambul” taslamasynyň Sazlydere köprüsiniň gurluşygyna badalga berdi.

Prezident Erdogan dabarada eden çykyşynda, şu gün Türkiýäniň galkynyşy, milletiň güýçlenmegi üçin aýgytly ädim ädendiklerini, “Kanal Stambul” taslamasynyň ilkinji köprüsiniň gurluşygyna badalga berendiklerini nygtady.

Erdogan Bosfor bogazynyň dünýäniň gämi gatnawy taýdan iň uly bogazlardan biridigini belledi.

Prezident Erdogan, 1930-njy ýyllarda Bosfor bogazyndan ýylda 3 müň gämi geçýän bolsa döwrümizde şol sanyň 45 müňe çenli baryp ýetendigini ýatlatdy.

“Nebitden azyk önümlerine çenli birnäçe görnüşli ýük daşaýan gämiler heläkçilige uçran halatynda deňizlerimize uly howp abanýar” diýen Prezident Erdogan, “Kanal Stambul” taslamasy bilen Bosfor bogazynyň we golaýyndaky raýatlaryň howpsyzlygynyň üpjün edilmegini maksat edinýändiklerine ünsi çekdi.

Erdogan, 45 kilometr uzynlygyndaky kanaldan, 275 metr uzunlygyndaky nebit tankerleriniň we 351 metr uzynlygyndaky konteýner gämileriniň arkaýyn geçip biljekdigini ýatlatdy.

Prezident Erdogan 6 köprüden ybarat boljak kanalyň gurluşygynyň 15 milliard dollara barabar bolmagyna we 6 ýylda tamamlanmagyna garaşylýandygyny belledi.



Degişli Habarlar