Türkiýede 1-nji doza sanjym etdiren adamlaryň sany 30 milliondan geçdi

Türkiýede koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde 1-nji doza sanjym etdiren adamlaryň sany 30 milliondan geçdi

1663742
Türkiýede 1-nji doza sanjym etdiren adamlaryň sany 30 milliondan geçdi

Saglygy goraýyş ministrliginiň "covid19asi.saglik.gov.tr" salgysynda berilýän maglumata görä, 24-nji iýun Türkiýäniň wagty bilen sagat 08:37-ä çenli 1-nji doza sanjym etdiren adamlaryň sany 30 million 1 müň 963 adama, 2-nji doza sanjymy etdiren adamlaryň sany bolsa 14 million 654 müň 380 adama ýetdi. 

Şeýlelik bilen jemi doza mukdary 44 million 656 müň 343 hökmünde hasaba alyndy. 

Häzirki wagtda ýurt derejesinde 25 ýaş we ondan ýokary ýaşda bolan raýatlara edilýän sanjymlar, ertirden başlap 18 ýaşdan ýokary bolan raýatlara edilmäge başlanar. 

Şeýlelik bilen Türkiýe köpçülikleýin immunitet maksadyna ýetmek üçin möhüm sepgide ýeter. 



Degişli Habarlar