Mewlüt Çawuşogly Germaniýada daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Liwiýa temaly 2-nji Berlin konferensiýasyna gatnaşmak maksady bilen giden Germaniýada, nemes kärdeşi Haýko Maas bilen duşuşyk geçirdi

1663297
Mewlüt Çawuşogly Germaniýada daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, duşuşyk bilen bagly özüniň Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Germaniýanyň Daşary işler ministri Haýko Maas bilen Liwiýa, bosgun we gümrük bilelşigi ýaly meseleleri we ÝB gatnaşayklarymyzy we syýahatçylyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyk" diýip habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Liwiýanyň Premýer ministri Abdulhamid Dibeýbe bilen hem duşuşyk geçirdi. 

Liwiýanyň Premýer ministrlik ofisinden berilen beýanata görä, Dibeýbe we Çawuşogly Berlin konferensiýasynda orta atyljak syýasy pozisiýalarynyň koordinasiýasyny ele aldylar. 

Liwiýadaky syýasy tapgyr we 24-nji dekabrda geçiriljek saýlawlaryň ele alynjak 2-nji Berlin konferensiýasy, BMG we Germaniýanyň hemaýatkärlik etmeginde, Türkiýäniň hem gatnaşmagynda şu gün geçiriler. 

Liwiýadaky syýasy krizise çözgüt tapmak maksady bilen ilkinji gezek 2020-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda geçirilen konferensiýasynyň 2-njisine Liwiýadan Premýer ministr Abdulhamid Dibeýbe, BMG-nyň Baş sekretarynyň Syýasy işlerden jogapkär baş sekretaryň orunbasary Rozmari DiKarlo we Liwiýa bilen arabaglanşygy bolan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagyna garaştylýar. 



Degişli Habarlar