Prezident Erdogan ÝB Komissiýasynyň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1662309
Prezident Erdogan ÝB Komissiýasynyň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň ÝB-e agza bolmak üçin öz üstüne düşýän jogapkärçiligi artykmajy bilen ýerine ýetirendigini, anyk ädim etmek nobatynyň indi Ýewropa Bileleşigindedigini belläp, Türkiýe bilen oňyn güntertibiň durmuşa geçirilmek wagtynyň ozaldan gelip ýetendigini mälim etdi. 

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde mundan başgada, Gümrük Bileleşigi ylalaşygynyň täzelenmegi bilen bagly gepleşikleriň iň tiz wagtda we deslapky şertsiz ýagdaýda başladylmagynyň gerekdigini aýan etdi.

Erdogan ÝB-ne agza ýurtlara girişde wiza erkinliginiň döredilmegine türk halkynyň eýýäm ençeme wagt garaşýandygyny, 18-nji mart ylalaşygynyň hem ähli ugurlar boýunça güýçlendirilip durmuşa geçirilmeginiň gerekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar