Saglygy Goraýyş Ministri Koja, Hytaýly Sinovak Firmasyny Türkiýede Maýa Goýmaga Çagyrdy

Ministr Koja, wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly hytaýyň Sinovak firmasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi.

1661701
Saglygy Goraýyş Ministri Koja, Hytaýly Sinovak Firmasyny Türkiýede Maýa Goýmaga Çagyrdy

Saglygy goraýoş ministri Fahrettin Koja, täze görnüş koronawirusa garşy sanjym öndüren hytaýyň Sinovak firmasyny Türkiýede maýa goýmaga çagyrdy.

Ministr Koja, wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly hytaýyň Sinovak firmasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi.

Koja duşuşykda 2020-njy ýylyň başyndan bäri dünýäniň Kovid-19 epidemiýasyna garşy göreşýändigini nygtap “Türkiýe, bu etapda Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda epidemiýany iň gowy ýagdaýda gönükdirdi. Güýçli saglygy goraýyş infstrukturamyz we ömrüni wezipesine bagyşlan saglygy goraýyş işgärlerimiz bu etapda uly rol oýnady” diýdi.

Kovid-19 epidemiýasynyň halkara derejesinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginiň ähmiýetini ýene-de bir gezek görkezendigini, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň uly synagdan geçendigini nygtan Ministr Koja, “Biz bu hyzmatdaşlygymyzy has-da pugtalandyrmak isleýäris, sizi we firmaňyzy sanjym önümçiligi meselesinde Türkiýede maýa goýmaga çagyrýaryn. Saglygy goraýyş ministri hökmünde, ýurdumyzda goýjak maýa goýumlaryňyz üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýardygymy nygtamak isleýärin” diýdi.

Sinovak firmasynyň ýolbaşçylary bolsa, önümçilik we paýlanyş mümkinçiliklerini nähili ýerlileşdirip bilinjekdikleri meselesinde gepleşikler geçirendiklerini nygtap,  “Sinowak firmasy diňe Türkiýede ýerli önümçilik desgalarynyň gurulmagy üçin maýa goýmak bilen çäklenmän eýsem şol bir wagtda wirusyň täze görnüşleriň barlanmagy üçin geçirilýän barlaglara goldaw bermek isleýär”diýdi.

Wirusyň täze görnüşleriniň barlanmagy we Türkiýä has köp sanjymyň berilmegi üçin ýörite toparyň şu gün Türkiýä geljekdigi nygtaldy.



Degişli Habarlar