Soýlu: "Ýurdyň içindäki terrorçylaryň sany 255-den hem azaldy" diýdi

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, ýurdyň içindäki ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň sanynyň 255-den hem azalandygyny mälim etdi

1661560
Soýlu: "Ýurdyň içindäki terrorçylaryň sany 255-den hem azaldy" diýdi

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Malatýa welaýatynda 26-njy döwür Polisiýa hünär bilim merkeziniň uçurym dabarasynda eden çykyşynda, şu ýyl terror guramasy PKK-nyň düzümine 5-si Germaniýa, Fransiýa we Gresiýa ýaly ýurtlardan bolmak bilen jemi 20 adamyň goşulandygyny habar berdi. 

Şu günki gün Türkiýedäki PKK-lylaryň sanynyň 255-den hem azalandygyny aýdan Süleýman Soýlu: "Terrorçylaryň gowaklardan çykyp bilmeýändiklerini, aragatnaşyk enjamlarynda aglaýandyklaryny, Kandilden kömek soraýandyklaryny bilýäris" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň respublika taryhynyň iň güýçli döwrüni başyndan geçirýändigini aýdan Süleýman Soýlu, içeri işler edarasynyň hem öz üstüne alan wezipede, taryhynyň iň üstünlikli döwrüni başyndan geçirýändigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar