Çawuşogly: "Gresiýa öjükdiriji hereketlerini bes etmelidir" diýdi
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gresiýanyň öjükdirji ädimlerini, prowokasiýalaryny bes etmeginiň gerekdigini belledi
Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Antalýa Diplomatiýa forumynyň tamamlanmagy mynasybetli metbugat ýygnagyny geçirdi.
"Bu tomus Türkiýäniň we Gresiýanyň arasynda arkaýyn geçermi?" soragyna Mewlüt Çawuşogly, Egeý we Gündogar Ortaýer deňizinde dowam edýän dartgynlykdan soň, Gresiýa bilen dialog başladandyklaryny, gepleşikler geçirendiklerini, geňeşmeleri ýaňadandan başladandyklaryny habar berdi.
Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendiasyň Türkiýä sapar gurandygyny, özüniň hem Gresiýa sapar gurandygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Hormatly Prezidentimiz bilen Misotakisiň arasynda Brýusselde geçen duşuşyk örän položitel geçdi. Bular oňyn bir hadysa. Meseleleriň ählisi çözüldimi, entek ýok. Bu şuňa şaýatlyk edýär. Meselelerimizi dialog arkaly çözmek isleýändigimizi subut edýär. Taraplaryň ikisiniň hem tagallalary dowam eder diýip umyt edýärin" diýip mälim etdi.
Emma şol bir wagtda Gresiýanyň öjükdiriji hereketlerini bes etmeginiň gerekdigini aýdan Çawuşogly: "Metbugat ýygnagymyz gowy geçdi, emma dostym Dendias arkamyzdan örän köp zat aýtdy. Bu zatlar gerek däl. Biz bulara gulak asmaýarys. Syýahatçylyk möwsümi boýunça Egeý deňizinde hiç hili türgenleşik geçirmezlik babatynda ylalaşygymyz bardy. Emma şu wagt görýäs welin Gresiýa Nawteks yglan edipdir. Gresiýa bu ylalaşygymyzyň hem düzgünini bozdy. Gresiýa bu öjükdiriji ädimlerini we prowokasiýalaryny bes etmelidir. Men bilýärin, olar öz halkyny kanagatlandyrmak üçin edýärler. Emma bularyň peýdasy bolmaz. Biz başladan dialogymyzy anyk ädimlere öwürmegi isleýäris. Biz muňa çyn ýürek bilen çemeleşýäris we bu babatda tutanýerlidiris" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar
Türkiýe, Gaza Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Edýär
3 müň 774 tonnalyk ynsanperwer kömegi düýn agşam dabaraly ýagdaýda ugradyldy.