Ýaşyl Kategoriýada Gözlenýän Terrorçy Boýun Egdi

“Erdal Ugur” lakamly Özgür Abigiň Mardinde howpsyzlyk güýçlerine boýun egendigi nygtaldy.

1660484
Ýaşyl Kategoriýada Gözlenýän Terrorçy Boýun Egdi

Gözlenýän terrorçylaryň sanawynda ýaşyl kategoriýada ýer alýan ekstremist terror guramasy PKK/KJK-nyň agzasy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannamada, ministrligiň ýolbaşçylygynda geçirlen gepleşikler netijesinde terror guramasy PKK/KJK-nyň hataryndan gaçan “Erdal Ugur” lakamly Özgür Abigiň Mardinde howpsyzlyk güýçlerine boýun egendigi nygtaldy.

Beýannamada terrorçynyň 2009-njy ýylda terror guramasynyň hatarynda goşulandygy, Yrakda we Siriýada iş alyp barandygy nygtaldy.



Degişli Habarlar