Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygyndaky Gara sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy howa hüjümi bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi

1659291
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Gahryman Türkiýäniň Ýaragly güýçleri, Yragyň demirgazygyndaky terrorçylaryň hinlerini ýer bilen ýegsan etmäge dowam edýär. Gara sebitinde anyklanan PKK-a agza 4 terrorçy Harby-howa güýçlerimiz tarapyndan guralan üstünlikli howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen ozalky beýanatda bolsa: “Gahryman Türkiýäniň Ýaragly güýçleri yzygiderli operasiýalaryny dowam etdirýär we terrorçylaryň hinlerine ýer bilen ýegsan edýär. Yragyň demirgazygynda geçirilýän Penje-Ýyldyrym operasiýalarynyň çäginde ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar