Prezident Erdogan Azerbaýjanda türk futbol janköýerleri bilen duşuşdy

Prezident Erdogan ilki bilen galýan myhmanhanasynyň balkonyndan raýatlar bilen salamlaşdy

1659266
Prezident Erdogan Azerbaýjanda türk futbol janköýerleri bilen duşuşdy
baku Turk taraftarlar bayrak.jpg
erdogan Turk taraftarlari selamlama.jpg

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, 2020 Ýewropa futbol çempionatynda (EURO 2020) şu gün geçiriljek Türkiýe-Uels futbol duşuşygyna tomaşa etmek maksady bilen Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine baran türk futbol janköýerleri bilen duşuşdy. 

Prezident Erdoganyň galýan myhmanhanasynyň öňüne ýygnanan türk raýatlar "Türkiýe" diýip şygar aýtdylar, Türkiýäniň uly baýdagyny açdylar. 

Prezident Erdogan ilki bilen galýan myhmanhanasynyň balkonyndan raýatlar bilen salamlaşdy. 

Saparyny dowam etdirmek üçin myhmanhanadan çykan mahaly futbol janköýerleriniň ýanyna baran Erdogan, türk raýatlar bilen söhbetdeş boldy, olar bilen surata düşdi. 

Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy 2020 Ýewropa futbol çempionatynyň çäginde (EURO 2020) A toparyndaky 2-nji oýnunda şu gün agşam Uelsiň ýygyndysy bilen duşuşyk geçirer. 

Baku şäherindäki Olimpiýa stadionynda Türkiýäniň wagty bilen sagat 19:00-da başlajak Türkiýe-Uels duşuşygynyň emin agzasy portugaliýaly Artur Dias bolar. Duşuşyk TRT 1 kanalyndan göni ýaýlym arkaly görkeziler. 

A toparynda günüň 2-nji duşuşygynda bolsa Italiýa Şweýsariýanyň ýygyndysy bilen Rim Olimpiýa stadionynda duşuşyk geçirer. 

Türkiýäniň milli futbol ýygyndysy A toparyndaky soňky duşuşygynda bolsa 20-nji maýda Türkiýäniň wagty bilen sagat 19:00-da Baku Olimpiýa stadionynda Şweýsariýanyň ýygyndysy bilen oýnar. 

Türkiýäniň milli futbol ýygyndysy EURO 2020-niň açylyşynda Italiýanyň ýygyndysyna 3-0 hasabynda ýeňilipdi. 



Degişli Habarlar