Prezident Erdoganyň Azerbaýjan sapary ertir başlaýar

Prezident Rejep Taýýip Erdogan ertir iki günlük resmi sapar bilen Azerbaýjana gider

1657664
Prezident Erdoganyň Azerbaýjan sapary ertir başlaýar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygyna laýyklykda amala aşyrjak saparynda, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat edilen, 28 ýyl soň azanyň sesiniň ýaňlanan, taryhy we medeni baýlyklary we tebigy gözellikleri bilen meşhur bolan we Garabag sebitiniň simwol şäheri hökmünde kabul edilýän Şuşa şäherinde saparda bolar. 

Şuşa welaýatynyň gubernatorlygynda 15-nji iýun sişenbe güni Ilham Aliýew tarapyndan dabara bilen kabul ediljek Prezident Erdogan, Aliýew bilen ikiçäk we toparara gepleşikler geçirer. 

Aliýew-Erdogan duşuşygyndan soň, Şuşa şäheri başda bolmak bilen Daglyk Garabagyň ýaňadandan dikeldilmegi üçin taýarlanan taslamalara we syýasy-ykdysady ylalaşyklara gol çekmek dabarasy geçiriler. 

Prezident Erdogan we Aliýew soň bolsa Şuşa şäherine gezelenç ederler. 

Erdogan 16-njy iýunda çarşenbe güni bolsa Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa bilen duşuşyk geçirer, Milli mejlisde çykyş eder. 

Prezident Erdogan 2020 Ýewropa Futbol çempionatynda bäsleşýän Türkiýäniň milli futbol ýygyndysyny hem Azerbaýjanda ýalňyz goýmaz. 

Erdogan Baku olimpiýa stadionynda geçiriljek Türkiýe-Uels futbol duşuşygyna Aliýew bilen bilelikde tomaşa eder. 



Degişli Habarlar