Jonson Bilen Erdogan, Koronawirus Epidemiýasyna Garşy Göreş Hakynda Pikir Alyşdy

Liderler, Britaniýa bilen Türkiýäniň arasyndaky syýahatçylygyň ýaňadandan başlamagy meselesinde ylalaşyk gazandy.

1657832
Jonson Bilen Erdogan, Koronawirus Epidemiýasyna Garşy Göreş Hakynda Pikir Alyşdy

Prezident R. T. Erdogan bilen Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary ähli taraplaýyn ösdürmek meselesinde ylalaşyk gazandy.

Britaniýanyň Premýer ministrliginden berşen beýannama görä, NATO-nyň liderler maslahatynyň çäginde duşuşan Jonson bilen Erdogan, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreş we ýurtlaryndaky sanjymlama tapgyry hakynda pikir alyşdy.

Liderler epidemiýanyň ortadan aýrylmagy üçin birlikde işleşmek we Britaniýa bilen Türkiýäniň arasyndaky syýahatçylygyň ýaňadandan başlamagy meselesinde ylalaşyk gazandy.

Erdogan bilen Jonson, Britaniýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň söwda we goranyş senagaty bilen birlikde ähli taraplaýyn ösdürilmelidigini nygtady.

Prezident Erdogan bilen Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson mundan başgada Siriýa, Liwiýa we Owganystan bilen birlikde sebitara mesleleri ara alyp maslahatlaşdy.



Degişli Habarlar