Gyzyl býulleten boýunça gözlenen terrorçy saklandy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi

1657139
Gyzyl býulleten boýunça gözlenen terrorçy saklandy

Hataý welaýatynyň serhedinde gyzyl býulleten boýunça gözlenýän terrorçy bilen birlikde jemi 12 adam bikanun ýollar bilen Türkiýä girmäge synanyşan mahaly saklandy. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Hataý welaýatynyň serhediniň çäklerinde bikanun ýollar bilen Türkiýä girmäge synanyşan 12 adamyň saklanandygy bellenip: "Saklanan adamlaryň biriniň gyzyl býulleten boýunça halkara derejede gözlenýän radikal terror guramasynyň agzasydygy anyklandy" diýip maglumat berildi. 



Degişli Habarlar