Türkiýe Afrinde guralan hüjüm barada beýanat berdi

Türkiýe Siriýanyň Afrin sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG/SDG tarapyndan guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

1656852
Türkiýe Afrinde guralan hüjüm barada beýanat berdi

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Afriniň merkezine we Siriýa-Amerikan Lukmançylyk jemgyýeti tarapyndan goldanýan Şypa hassahanasyna we tiz kömek bölümine, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG/SDG tarapyndan Siriýanyň Tel-Ryfat sebitinden guralan, aralarynda saglygy goraýyş edarasynyň işgärleriniň hem bolan köp sanda adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümiň berk ýagdaýda ýazgarylýandygy mälim edildi. 

"Asuda ilata we Siriýanyň halkyna islendik şertde hyzmat bermek üçin arman-ýadaman işleýän saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerini toplar we raketalar bilen nyşana almakdan saklanmaýan PKK/ÝPG/SDG-nyň terror guramasynyň şahsyýetini we ganhor tarapyny ýene-de bir gezek görkezdi" diýip bellenen beýanatda: "Hüjümde ýogalan siriýaly doganlarymyza Alladan rehnet, ýaralanan adamlara bolsa şypa dileýäris" diýip habar berildi. 

Halkar jemgyýetiň hakykatlara göz ýetirmägine, tapawutly atlar bilen iş alyp barýan terror guramasyna goldaw bermegi bes etmäge çagyrylýan beýanatda: "Milli howpsuzlygymyza we Siriýanyň asuda halkyna wehim salýan ähli terror guramalaryna garşy hemişe we her ýerde göreşimizi tutanýerlilik bilen dowam etdirjekdigimizi aýdýarys" diýip beýan edildi. 

Türkiýäniň Hataý welaýatynyň gubernatorlygy ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň Siriýanyň Afrin sebitindäki hassahana guran hüjüminde asuda ilatdan 13 adamyň ýogalandygyny, 27 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar beripdi. 



Degişli Habarlar