“Penje-Ýyldyrym” Operasiýasy Zolagynda 1 Esger Şehit Boldy
“Eziz şehidimize Alladan rehnet, hossarlary, Türk ýaragly güýçlerine we halkymyza sabyr dileýäris"
Yragyň demirgazygynda geçirilýän “Penje-Ýyldyrym” operasiýasy zolagynda ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan harby merkeze guralan roketa hüjüminde 1 esger şehit boldy.
Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Penje-Ýyldyrym” operasiýasy zolagynda düýn ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan harby merkeze guralan roketa hüjüminde agyr ýaralanan1 esgeriň bejergi alýan hassahanasynda şehit bolandygy nygtaldy.
Beýannamada “Bizi çuňňur gynandyran bu wakada ýogalan eziz şehidimize Alladan rehnet, hossarlary, Türk ýaragly güýçlerine we halkymyza sabyr dileýäris” diýildi.
Degişli Habarlar
31-nji Martda Türkiýede Ýerli Saýlawlar Geçiriler
Türk halky ýerli dolanşyklaryň ýolbaşçylaryny saýlamak üçin 31-nji mart ýekşenbe güni ses berer.
Kalyn Amerikan Wekiliýeti Bilen Duşuşar
Kalyn, ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň agzalary bilen şu gün paýtagt Ankarada duşuşar.