Warank: "Dünýä F-35-leri däl, türk uçarmansyz howa ulaglary barada gürrüň eder" diýdi

Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank beýanat berdi

1654861
Warank: "Dünýä F-35-leri däl, türk uçarmansyz howa ulaglary barada gürrüň eder" diýdi

Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Türkiýäniň söweşjeň uçarmansyz howa ulag tehnologiýasyna maýa goýan dünýädäki seýrek ýurtlaryň biridigini belläp: "Biz söweşjeň uçarmansyz howa ulaglarymyzy bazara çykaran mahalymyz, ynanyň dünýä F-35 harby uçarlar barada däl, eýsem Türkiýe tarapyndan öndürilen söweşjeň uçarmansyz howa ulaglary barada gürrüň eder" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň hem gatnaşmagynda paýtagt Ankara şäherinde geçirilen Netijelilik we tehnologiýa sergisiniň açylyş dabarasynda çykyş etdi. 

Türkiýäniň şu ýylyň ilkinji çärýeginde 7 göterim ösüş edip, G-20-ä agza ýurtlaryň arasynda iň uly ösüş eden ýurtlaryň biri bolandygyny aýdan Warank, önümçilik senagatynyň ösüşe iň uly goşant goşan pudak bolandygyny mälim etdi. 

Warank, döwrebap tehnologiýalarda lider bolmak üçin ähli ugurlar boýunça öňe gidişlik edýändiklerini belläp: "Şu günki gün türk inženerler tarapyndan dizaýn edilen türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglary Ýewropanyň asmanynda uçmak üçin gününi sanaýar" diýip habar berdi. 

Häzirki wagtda dünýäde Türkiýe tarapyndan ýasalan uçarmansyz howa ulaglary barada gürrüň edilýändigini aýdan Warank: "Menden dowamly häsýetde F-35 programmasy bilen bagly pikirlerimi soraýarlar. F-35-ler hakykatdan hem şowly bir uçar taslamasy, emma biz onuň deňini Milli söweşjeň uçar taslamasyny durmuşa geçirýäris. Ondan daşary bolsa Türkiýe häzirki wagtda söweşjeň uçarmansyz howa ulaglaryna maýa goýan dünýädäki seýrek ýurtlaryň biri. Nesip bolsa biz söweşjeň uçarmansyz howa ulaglarymyzy bazara çykaran mahalymyz, ynanyň dünýä F-35 harby uçarlar barada däl, eýsem Türkiýe tarapyndan öndürilen söweşjeň uçarmansyz howa ulaglary barada gürrüň eder" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar