Türkiýe Bilen Marokko Birek-Biregiň Sanjym Şahadatnamalaryny Ykrar Eder

Mewlüt Çawuşogly, Marokkonyň Daşary işler ministri bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi

1654349
Türkiýe Bilen Marokko Birek-Biregiň Sanjym Şahadatnamalaryny Ykrar Eder

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Marokkonyň Daşary işler ministri Nasser Bourita bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.

Iki kärdeş duşuşykda, syýahatçylyk pudagynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi üçin täze görnüş koronawirusa garşy iki ýurduň sanjym şahadatnamalarynyň ykrar edilmegi hakynda karar kabul etdi.

Ministr Çawuşogly duşuşyk hakynda beren habarnamasynda “Bourita bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdik. Syýasy gepleşikler geçireris. Sebitara we halkara meselelerde edilýän hyzmatdaşlygy artdyrarys. Şu ýyl işewürler maslahatyny geçireris. Iki ýurduň sanjym şahadatnamalarynyň ykrar edilmegi hakynda karar kabul etdik” diýdi.

Türkiýe, ozal Serbiýa, Wengriýa, Bolgariýa we soňky gezek hem Gresiýa bilen sanjym şahadatnamalarynyň ykrar edilmegi barada şertnama baglaşypdy.



Degişli Habarlar