Türkiýäniň suw giňişligine itilen bosgunlar halas edildi

Izmir welaýatynyň Foça we Dikili etraplarynda soňky 3 günde Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 131 bosgun halas edildi

1653634
Türkiýäniň suw giňişligine itilen bosgunlar halas edildi

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň internet saýtynda berilen beýanata görä, Dikili etrabynyň Denizköý diýilen ýeriň suw giňişliginde gaýyklarda bosgunlaryň bardygy barada alynan maglumatyň esasynda Kenarýaka howpsuzlyk gullugy işe girişdi. 

Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilendigi anyklanan 102 bosgun halas edilip, kenara çykaryldy. 

Foça etrabynyň Aslanburnu diýilen ýeriň suw giňişliginde bosgunlaryň bardygy barada alynan maglumatyň esasynda, sebite Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli 2 gaýyk gönükdirildi. Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilendigi anyklanan 29 bosgun halas edilip, gury ýere çykaryldy. 

Bosgunlar deslapky işlerden soň welaýat Migrasiýa edarasyna alynyp gidildi. 



Degişli Habarlar