Ibrahim Kalyn Kanadada musulmanlara garşy guralan hüjüm barada beýanat berdi
Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Kanadada 4 musulmanyň öldürilmeginiň öndürilen gorkynyň ýigrenje, ýigrenjiň duşmançylyga we güýje öwrülmeginiň iň soňky mysalydygyny beýan etdi
Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Kanadada ulagyny ýanýodada ýöräp barýan adamlaryň üstüne süren we 4 musulman raýaty öldüren adamyň yslamafobik sebäpler bilen hereket edendigini belläp: "Bu öndürilen gorkynyň ýigrenje, ýigrenjiň duşmançylyga we güýje öwrülmeginiň iň soňky mysalydyr. Bu elhenç ýol we wagşyçylyk bes edilmelidir" diýip nygtady.
Kanadanyň Ontario ştatyna degişli London şäherinde 6-njy iýunda ulagyny ýanýodada ýöräp barýan adamlaryň üstüne süren Nataniel Weltman (20 ýaş), biri 15 ýaşynda gyz çaga bolmak bilen şol bir maşgaladan 4 adamyň ýogalmagyna we 9 ýaşyndaky bir erkek çaganyň agyr ýaralanmagyna sebäp boldy.
Weltman wakanyň bolan ýerinden takmynan 6 km uzaklykda saklanyp, göz tussaglygyna alyndy.