Latwiýanyň Goranmak Ministri Baýkar Firmasynyň Desgalaryna Baryp Gördi

Latwiýanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Milli goranmak ministri Artis Pabriks türk ÝUHU-lary bilen tanyş boldy

1653288
Latwiýanyň Goranmak Ministri Baýkar Firmasynyň Desgalaryna Baryp Gördi

Latwiýanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Milli goranmak ministri Artis Pabriks “Baýkar Milli S/İHA Arge-Ge we Üretim Tesisleri” desgasyna baryp gördi.

Baýkaryň” twitter hasabyndan berilen beýannamada; “Latwiýanyň Goranmak ministri Hormatly Artis Pabriks we ýolbaşçylyk edýän wekiliýeti Baýkar Milli S/İHA Arge-Ge we Üretim Tesisleri” desgasyna gelip gördüler. Myhman almak bizi diýseň hoşal etdi” diýilýär.

Saparda ministr Pabrikse “Baýkaryň” baş Müdiri Haluk Baýraktar ýoldaşlyk etdi.

Baýraktar, ministre we wekiliýete “Baýkar” tarapyndan milli we özbaşdak şertlerde öndürilen ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglary hakynda maglumat berdi.

Ministr saparynda Türkiýäniň ilkinji uçýan ulagy “Jezeri” bilen hem ýanyş boldy.

Ministr Pabriks sapary hakynda Twitterden beren habarnamasynda; “Ajaýyp kabul etme üçin sag boluň. Türk senagaty, Ylmy-kämilleşdiriş ulgamy iň ýokary dünýä derejesine eýe. NATO agza ýurtlardan biri hökmünde bu bizi buýsandyrýar. Ähliňize üstünlik arzuw edýärin” diýip ýazdy.


Etiketkalar: #ÝUHU , #"Baýkar" , #Latwiýa

Degişli Habarlar