Fatih Dönmez: "Respublikamyzyň 100-nji ýyly ýadro energetika bilen bellenilip geçiler" diýdi

Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatin Dönmez, Akkuýu atom elektrik bekediniň 1-nji reaktorynyň gabynyň gurnama işleriniň tamamlanandygyny mälim etdi

1651056
Fatih Dönmez: "Respublikamyzyň 100-nji ýyly ýadro energetika bilen bellenilip geçiler" diýdi

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatin Dönmez Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Akkuýu atom elektrik bekedi 1-nji reaktor basyş gabynyň gurnama işleri tamamlandy. Ýurdumyzyň ýarym asyrlyk ýadro energetika hekaýasynda 2023-nji ýyla tarap barýarys. Respublikamyzyň 100-nji ýyly ýadro energetika bilen bellenilip geçiler. Düşümli bolsun" diýip belledi. 

Türkiýäniň ilkinji atom elektrik bekedi bolan Akkuýynyň her biri 1200 megawattlyk 4 reaktordan ybarat bolar we jemi 4800 megawatt güýje eýe boljak bekediň ilkinji energoblogynyň Türkiýe Respublikasynyň 100-nji ýylynyň bellenip geçiljek 2023-nji ýylda işledilip başladylmagy meýilleşdirilýär. Galan 3 energoblogyň bolsa 1 ýyl arakesmeler bilen 2026-njy ýylynyň ahyryna çenli işledilip başladylmagy meýilleşdirilýär. 



Degişli Habarlar