Yragyň demirgazygyndaky Awaşin sebitinde PKK-a agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi Twitter hasabyndan beýanat berdi

1649604
Yragyň demirgazygyndaky Awaşin sebitinde PKK-a agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Awaşin sebitinde geçirilýän Penje-Ýyldyrym operasiýasynyň çäginde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen maglumatda: "Yragyň demirgazygyndaky terrorçylaryň hinlerini ýer bilen ýegsan edýäris, terrorçylara gaçmaga deşik goýmaýarys. Awaşin sebitinde dowam edýän Penje-Ýyldyrym operasiýasynyň çäginde anyklanan PKK-a agza 8 terrorçy Harby-howa güýçlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar