Mewlüt Çawuşoglynyň Gresiýa sapary dowam edýär

Mundan başgada gepleşikleriň barşynda bosgunlar bilen baglanşykly Gresiýanyň çemeleşmesiniň ele alynmagyna garaşylýar

1648838
Mewlüt Çawuşoglynyň Gresiýa sapary dowam edýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gresiýanyň paýtagty Afiny şäherine guran saparynyň çäginde Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias bilen duşuşyk geçirdi. 

Gresiýa saparyna düýn Günbatar Frakiýadaky türkler bilen duşuşyk geçirip başlan Mewlüt Çawuşogly, şu gün bolsa Afiny şäherinde grek kärdeşi bilen duşuşyk geçirýär.

Duşuşygyň güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary Türkiýe-Gresiýa gatnaşyklary, Gündogar Ortaýer deňizindäki we Egeý deňizindäki hadysalar bolmagyna garaşylýar. 

Mundan başgada gepleşikleriň barşynda bosgunlar bilen baglanşykly Gresiýanyň çemeleşmesiniň ele alynmagyna garaşylýar. 

Mewlüt Çawuşogly Gresiýa sapara çykmadan ozal: "Afina položitel güntertip bilen barýarys. Položitel ýagdaýda myhman etdik, garşy tarapdan hem şolar ýaly çemeleşmä garaşýarys" diýip belläpdi. 



Degişli Habarlar