Agry welaýatynda bir esger şehit boldy

Agry welaýatynyň Dogubaýazyt etrabynyň obalyk ýerinde ekstremist terror guramasy PKK-a garşy geçirilýän Eren-15 operasiýasynda ýüze çykan çaknyşykda bir esger şehit boldy

1648178
Agry welaýatynda bir esger şehit boldy

Agry welaýatynyň Dogubaýazyt etrabynyň obalyk ýerinde geçirilýän Eren-15 operasiýasynda ýüze çykan çaknyşykda bir esger agyr ýagdaýda ýaralandy.

Dikuçar bilen Dogubaýazyt döwlet hassahanasyna ýatyrylan esger, ol ýerde edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilnmedi we şehit boldy. 


Etiketkalar: #esger , #şehit , #Agry

Degişli Habarlar