Prezident Erdogan, Stambulyň Zabt Edilmeginiň 568 Ýyllygy Bilen Gutlady
"Taryhymyzyň şanly ýeňişlerinden biri bolan Stambulyň zabt edilmeginiň 568 ýyllygy bilen gutlaýaryn"

Prezident R. T. Erdogan, Stambulyň zabt edilmeginiň 568 ýyllygy bilen gutlady.
Prezident Erdogan, Twitterden beren habarnamasynda, “Taryhymyzyň şanly ýeňişlerinden biri bolan Stambulyň zabt edilmeginiň 568 ýyllygy bilen gutlaýaryn. Pygamber Ependimiziň öwgüsini alan, bu deňsiz taýsyz şäheri bize miras goýan Fatih Soltan Mehmet Hany we şanly goşunyny uly hormat bilen hatyralaýaryn” diýdi.
Prezident Erdogan habarnamasynda, Hz Muhammediň “Stambul hökmany suratda zabt ediler. Ony zabt eden serkerde iň beýik serkerde, şol goşun hem iň gowy goşun bolar” hadysyna hem ýer berdi.
Degişli Habarlar

Ýene-de 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Mehmetçigiň terrora we terrorçylara garşy egilşiksiz göreşini dowam eder

Hakan Fidan Eýranly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Iki kärdeş özara gatnaşyklar bilen Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.