Hindistan Türkiýä Minnetdarlyk Bildirdi

Hindistan lukmançylyk kömegi üçin Türkiýä minnetdarlyk bildirdi.

1647015
Hindistan Türkiýä Minnetdarlyk Bildirdi

Hindistan täze görnüş koronawirusa garşy lukmançylyk kömegini beren Türkiýä minnetdarlyk bildirdi.

Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Bagçi, Türkiýäniň epidemiýa garşy göreşde beren goldawlaryndan hoşaldyklaryny nygtady.

Hindistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kumar Panda hem, Twitterden beren habarnamasynda, lukmançylyk kömeginiň ýurdy üçin diýseň möhümdigini nygtap “Kyn günlerinde Hindistana beren kömekleri üçin Türkiýä sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti tarapyndan Kovid-19 epidemiýasy sebäpli uly ýitgi çeken Hindistanyň halkyna goldaw bermek üçin iki ýük uçarlyk lukmançylyk enjamlary kömegi Hindistana ugradylypdy.



Degişli Habarlar