Erdogan: "Taksim metjidi Stambulyň öňde gelýän nyşanalarynyň arasyna goşuldy" diýdi

Stambulda 4 ýyl ozal düýbi tutulan Taksim metjidi, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşmagynda okalan juma namazy bilen ybadata açyldy

1647627
Erdogan: "Taksim metjidi Stambulyň öňde gelýän nyşanalarynyň arasyna goşuldy" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Taksim metjidiniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: "Dünýäde el bilen sanaýmaly taslamalaryň biri bolan Taksim metjidimiz,  Stambulyň öňde gelýän nyşanalarynyň arasyna goşuldy" diýip belledi. 

Stambulda 4 ýyl ozal düýbi tutulan Taksim metjidi, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşmagynda okalan juma namazy bilen ybadata açyldy. 

Namazdan soň beýanat beren Prezident Erdogan: "Ilkinji juma namazynyň okalan Taksim meijidi Stambul, ýurdumyz we Yslam dünýäsi üçin düşümli bolmagyny dileýärin" diýip habar berdi. 

"Taksim metjidini birnäçe wagt ozal ybadata açylan Aýasofýa metjidine berilen bir salam, Stambulyň basylyp alynmagynyň 568 ýylyna bir sowgat hökmünde garaýaryn" diýip aýdan Erdogan: "Taksim metjidi takmynan 1,5 ýyllyk bir göreşden soň Stambulymyza sowgat edildi" diýip belledi. 

Düýbi 2017-nji ýylyň 17-nji fewralynda tutulan metjit, Taksim meýdançasynyň nyşanalarynyň birine öwrüldi. 

Metjit, edil ýanynda ýerleşýän Aýa Triada grek ortodoks buthanasy we Taksim Maksemi bilen hem Taksim meýdançasynda bütewilik emele getirdi. 

Metjidiň girelgesi, zemini we üçegi 8 burçly Seljukly motiwleri bilen bezeldi. 

19-njy asyrda Beýogly binagärçiliginden ylham alynyp ýörite dizaýn bilen gurulan we her bir bölümi aýratyn bir owadanlyga eýe bolan metjitde awtopark, sergi zaly, maslahatlar zaly, naharhana we Sanly Yslam kitaphanasy bar. 

Prezident Rejep taýýip Erdogan Stambul şäherindäki Taksim metjidiniň suratyny sosial media hasabyndan paýlaşypdy.

Prezident Erdogan Twitter hasabyndan paýlaşan suraty bilen birlikde "Juma namazyňyz kabul bolsun" diýip ýazypdy. 



Degişli Habarlar