"Dünýäniň ençeme ýerinde Yslam duşmançylygy keseli edil rak öýjükleri ýaly tiz ýaýraýar"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "günbatar başda bolmak bilen dünýäniň ençeme ýerinde Yslam duşmançylygy keseli edil rak öýjükleri ýaly tiz depginler bilen ýaýraýar" diýip belledi

1645450
"Dünýäniň ençeme ýerinde Yslam duşmançylygy keseli edil rak öýjükleri ýaly tiz ýaýraýar"

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan 1. Halkara Media we yslamafobiýa simpoziumynda çykyş etdi. 

Prezident Erdogan ABŞ-nyň hökümetiniň 11-nji sentýabrda guralan hüjümlerden soň başladan Musulmanlary şeýtanlaşdyrmak strategiýasynyň, ençeme ýurdyň medeniýetiniň gurluşynda ozal hem bar bolan Yslam duşmançylyk wirusyny öň hatara çykarandygyny beýan etdi. 

"Düýne çenli marginal kabul edilýän rasist akymlaryň indi syýasatyň merkezine ýerleşmegi, Günbataryň içine gaçan batgalykdan halas bolmagyň ýerine has hem çümmegi saýlaýandygynyň subutnamasydyr" diýip aýdan Erdogan: "II Jahan urşynda başdan geçirilen Jöhit gyrgynçylygy özleriçe ýörite goşa dyrnaga alanlar bu gezek bolsa nyşana tagtasyna musulmanlary ýerleşdiripdirler. Azatlyklaryň ortadan aýrylan bir ýerde asudalygyň has uzak wagt dowam etmejekdigi hakykatyna arkasyna öwrülenler aslyna garanyňda Yslama däl, eýsem öz gelejeklerine garşy duşmançylyk edýärler" diýip belledi. 

Prezident Erdogan: "Musulmanlara garşy bu täze rasizm Günbatar tarapyndan Yslamafobiýa ady bilen ýumşadylmak islenýän hem bolsa biz hakykatda edilýänleriň Yslam duşmançylygydygyny örän gowy bilýäris" diýip nygtady. 

Günbatarda ähli raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek jogapkärçiligi bolan döwlet resmileriniň Yslam duşmançylygy bilen bagly özara ýaryşa başlan ýalydyklaryny aýdan Erdogan: "Yslamafobiýa Günbataryň bu howpyň ululygyny jedelleşmegiň ýerine rasist we diskriminasion akymlaryň täsiri astyna girmegi üçin ýeňiline ýapyşmakdan başga bir zat däldir" diýip belledi. 

Prezident Erdogan: "Ençeme asyrlap hut öz parasatly adamlaryny ulanyp, ençeme ýyllap öz jemgyýetlerini Yslam bilen deňeşdirip türk gorkysy bilen ýetişdiren Ýewropa, şeýlelik bilen syýasy bulam-bujarlygyň sebäp bolan  meseleleri elinde tutmagyň hötdesinden geldi. Dünýädäki 7,5 milliard adamyň her birine Yslamyň däl, eýsem Yslam duşmançylygynyň global bir howpdygy düşündirilmegi gerek" diýip belledi. 

Prezident Erdogan: "Adamlaryň ählisiniň asudalygy, howpsuzlygy üçin möhüm bolan Yslam duşmançylygynyň öňüniň alynmagy bilen bagly tagallalar, emele getiriljek umumy akyl mehanizmi bilen dolandyrylmalydyr. Bu howpa sezewar galan ähli jemgyýetleriň we ýurtlaryň bir ýere jemlenip, halkara derejede bir aragatnaşyk toruny emele getirmekleri hökmanydyr. Yslam dünýäsi öz arasynda jebisligi ýola goýan mahaly, Yslam duşmançylygyna garşy ediljek göreşiň hem gysga wagtda netije ýetmegi mümkindir. Dünýäniň islendik ýerindäki wyždanly syýsatçylary, aňly-düşünjeli adamlary, media guramalarynyň işgärlerini, hem-de öz dini adamlarymyzy Yslam duşmançylygyna garşy herekete geçirmelidiris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar