Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygyndaky Duhok etrabynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2-si guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy bolan jemi 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1644825
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
terorle mucadele siha.jpg
terorle mucadele siha.jpg

Türkiýäniň Milli howpsuzlyk gullugy, Penje-Şimşek operasiýasyna garşy PKK/KJK-a agza terrorçylara goldaw bermek maksady bilen Siriýa tarapyndan serhediň Yrak tarapyna ýarag we ok-däriniň geçirilýändigi barada gizlin maglumat aldy. 

Operasiýanyň geçirilmegi barada karar kabul edildi we Türkiýäniň Ýaragly güýçleri işe girişdi. Guramanyň agzalarynyň ýarag we ok-däriler bilen birlikde Siriýadan Yraga geçendikleri we asuda halkyň ýaşaýan ýerlerinden uzaklaşyp Duhok etrabynyň çäklerine ýetendikleri anyklandy.

Şondan soň geçirilen operasiýa bilen 2-si guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy bolan jemi 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Yragyň demirgazygynda dowam edýän Penje-Ýyldyrym we Penje-Şimşek operasiýasynyň çäginde terror guramasy PKK-a degişli köp mukdarda ýarag we ok-däriniň ele salynandygy mälim edildi. 

PKK-a garşy ýurdyň öz içinde geçirilýän Eren-13 operasiýasynyň çäginde bolsa Şyrnak-Judi dagy sebitinde 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 



Degişli Habarlar