Penje-Ýyldyrym operasiýasynda bir esger şehit boldy

Yragyň demirgazygynda dowam edýän Penje-Ýyldyrym operasiýasynda üpjünçilik işleriniň ýerine ýetirilýän mahaly bir esger şehit boldy

1644459
Penje-Ýyldyrym operasiýasynda bir esger şehit boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Penje-Ýyldyrym operasiýasynyň çäginde 2021-nji ýylyň 23-nji maýynda amala aşyrylan üpjünçilik işleriniň barşynda bir gahryman esgerimiz dikuçardan ýere düşýän mahaly ýaralandy, tiz wagtda hassahana ýatyrylan esger edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi we şehit boldy" diýip habar berildi. 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar şehit bolan esger bilen bagly gynanç ýüzlenmesini çap etdi. Şehit bolan esger üçin çap eden gynanç ýüzlenmesinde Hulusi Akar: "Gahryman esgerimiz 2021-nji ýylyň 23-nji maýynda şehit boldy. Gahryman şehit esgerimize hut öz adymdan we Milli Goranmak ministrliginiň adyndan Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna we eziz milletimize gynanç we sabyr dileýäris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar