“Wirusa Ýolukýanlaryň Sanynyň Azalmaga Dowam Etcekdigine Ynanýaryn"

Minstr Fahrettin Koca koronawirusa ýolukýanlaryň sanynyň 10 müňden aşak düşendigini beýan etdi

1642930
“Wirusa Ýolukýanlaryň Sanynyň Azalmaga Dowam Etcekdigine Ynanýaryn"
ugur sahin.jpg
fahrettin koca.jpg

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koca koronawirusa ýolukýanlaryň sanynyň 10 müňden aşak düşendigini beýan etdi

Ministr Koca: “Wirusa ýolukýanlaryň sanynyň azalmaga dowam etcekdigine ynanýaryn” diýdi.

Fahrettin koca Koronawirus Ylmy geňeşiniň maslahatyndan soň beýannama berdi.

Mundan soňky tapgyrda çäklendirmeler bilen dolandyrmak däl, eýsem şahsy çäreler bilen, ýaýbaňlandyrylan sancymlama bilen göreşi dowam etdirmek isleýändiklerini aýdan Koca: “Bizin günde 1,5 milliondan gowrak sancymlama etmek üçin potensialymyz bar” diýdi.

Ýerli sancymda 2-nci tapgyr barlaglarynyň gutarandygyny, 3-nci tapgyryň bolsa iýun aýynda başlacakdygyny beýan eden Koca: “Ýerli sancymda taýarlyklar üstünlikli tamamlansa, sentýabr aýynda adatdan daşary şertlerde ulanyş tassyknamasy bilen sancymlama başlarys” diýdi.

Koca iýundan başlap çäklendirmeleri azaltcakdyklaryny hem beýan etdi.

Koronawirusa garşy sancym öndüren nemes firmasy “BioNTechiň” ýolbaşçysy Professor Ugur Şahin hem maslahata onlaýn formatda gatnaşdy.

Naslahatdan soň geçirilen metbugat ýygnagyna gatnaşan Şahin: “Türkiýe bilen 120 million doza sancym üçin şertnama baglaşyldy. İýun aýynda 30 million doza getirmek isleýäris. Iýul-awgust we sentýabr aýlarynyň ahyryna çenli 120 million dozany doly getirmek isleýäris. Biziň sancymymyz mutasiýalara garşy netice berýär. Sancymymyz 30-dan gowrak mutasiýada täsirsi” diýdi.

Iýun aýynda Türkiýä gelcekdigini beýan eden Ugur Şahin: “Türkiýede hem sancym öndürmek hem-de ylmy-barlag geçirmek isleýäris” diýdi.



Degişli Habarlar