Erdogan Ýaşlar Bilen Duşuşdy

Prezident Erdogan Millet kitaphanasynda ýaşlar bilen söhbetdeş boldy

1642294
Erdogan Ýaşlar  Bilen Duşuşdy

Prezident R.T.Erdogan Millet kitaphanasynda ýaşlar bilen söhbetdeş boldy

Ýaşlaryň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap beren Erogan, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerine reaksiýa görkezdi.

Erdogan: “Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu hiç haçan bize dost bolmady, bolmazam. Netanýaha garşy alyp barýan göreşimiz mundan beýläk hem dowam eder” diýdi.

Türkiýäniň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna berýän goldawynyň dowam etjekdigini nygtan Erdogan: “Enşalla 20-nji iýulda Kiprde bolaryn we Demirgazyk Kiprden gerek bolan ýüzlenmeleri bütin dünýä bererin” diýdi.

Gündogar Ortaýer deňizinden hoş habarlaryň gelip gowuşýandygyny nygtan Erdogan: “Şol hoş habarlar bilen golaýda enşalla nebit, tebigy gaz hakynda habarlary alarsyňyz” diýdi.

Terrorçylyga garşy göreş hakynda-da durup geçen Erdogan, şu günki güne çenli ekstremist terror guramas ÝPG/PKK-nyň Siriýadan jogapkär ýolbaşçysy Sofi Nurettin ýaly hamala ýokary derejeli ýaranlaryny täsirsiz ýagdaýa getirendiklerini beýan edip, häzirki wagtda nyşananyň terrorçylaryň öýjügine öwrülen Kandil etrabydygyny aýtdy.

Fetullahçy terror guramassy (FETÖ) garşy alynyp barylýan göreş barada-da aýdan Erdogan: “Golaýda FETÖ toparyndan esasy adamlardan birini ele saldyk. Kimi ele saldyk, hasap soradyk, halkyň dykgatyna ýetireris” diýdi.

 



Degişli Habarlar