Şu gün 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy dabara bilen bellenilip geçildi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy mynasybetli ýurdyň ähli ýerinde şol bir wagtda aýdylan Milli senanyň ýerine ýetirilmegine ýoldaşlyk etdi

1642148
Şu gün 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy dabara bilen bellenilip geçildi

Şu gün Milli Azat edijilik söweşiniň başladylmagy üçin edilen ilkinji ädimiň 102-nji ýyly.

19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy şu ýyl ýörite geçiriljek resmi dabaralardan daşary şeýle hem sanly ulgam arkaly geçiriler. 

Ilkinji çäre ýurdyň paýtagty Ankara şäherindäki Anytkabir mawzoleýinde geçirildi.  

Ýaşlar we Sport baýramy Mehmet Muharrem Kasapogly we ýanyndaky wekiliýet Atatürkiň mawzoleýine zyýarat etdiler we Atatürkiň aramgähine gül desselerini goýdylar. Hormatly dymyşlykdan we Milli senanyň ýerine ýetirilmeginden soň ministr Kasapogly Misaky Milli binasyna geçip, Anytkabiriň ýörite depderine gol çekdi. 

Çäreden soň ministr Kasapogly, Senagat we tehnologiba ministri Mustafa Warank bilen bilelikde DIGIAGE oýun ssenariýsini özgerdýan komplekse sanly ulgam arkaly birigip, ol ýerdäki ýaşlar bilen söhbetdeş boldy. 

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý we Milli Bilim ministri Ziýa Selçuk sanly ulgam arkaly ýurdyň 81 welaýatynyň liseýlerinde okaýan okuwçylar bilen duşuşyk geçirdiler. 

Syýasy partiýanyň resmileri hem Anytkabiri zyýarat etdiler. 

Sagat 19:19-da bolsa ýurdyň ähli şäherlerinde öýleriň balkonlarynda, penjirelerinde we stadionlarda Milli sena ýerine ýetirildi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy mynasybetli ýurdyň ähli ýerinde şol bir wagtda aýdylan Milli senanyň ýerine ýetirilmegine ýoldaşlyk etdi. 

Ýurdyň çar tarapynda koronawirus epidemiýasyna garşy görülen öňüni alyş çärelere baglylykda dabaralar, ulag kerwenleriniň geçişleri, konsertler, ses we yşyk şoulary ýaly çäreler geçiriler. 



Degişli Habarlar